Ýaponiýalylar 100 milliard dollara “kosmos liftini” gurmak kararyna geldiler

  • 12.06.2024 14:16
  • 12k+

Ýaponiýanyň Obayashi Corporation kompaniýasy Ýeriň orbitasyna barýan lifti gurmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi diýip, Science Alert habar berýär.

Bahasy 100 milliard dollar bolar diýlip çaklanylýan bu taslama, takmynan 36 000 kilometr beýiklikdäki geostasionar orbita ýetýän ägirt uly gurluşygy öz içine alýar.
Belent binalary gurmakdaky üstünlikleri bilen tanalýan bu kompaniýa taslamany durmuşa geçirmek üçin özlerinde zerur bilimleriň we tehnologiýalaryň bardygyna ynanýar. Lifti gurmak üçin berkligi we ýeňilligi bilen tapawutlanýan uglerod nanoturbajyklaryny ulanmak göz öňünde tutulýar.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylda başlanyp, 2050-nji ýyla çenli tamamlanar. Kompaniýa taslamany maliýeleşdirmeklige halkara hyzmatdaşlaryny çekmegi meýilleşdirýär.
“Kosmos lifti” adamlara raketa ulanmazdan, kosmosa syýahat etmäge mümkinçilik berer, bu bolsa kosmosa uçuşlaryň bahasyny ep-esli arzanladar. Şeýle-de bolsa, taslama birnäçe tehniki we maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Hususan-da, lifti tupan, ýyldyrym we ýer titremeleri zaýalap biler. Ýaponiýada bolsa ýylda 100-den gowrak ýertitreme bolýar.
Geostasionar orbitanyň Ýer ýüzünden, takmynan, 36 müň km belentlikde ýerleşip, planetanyň aýlanma tizligine laýyk gelýändigini bellemelidiris. Bu emeli hemranyň Ýerdäki ýere degişlilikde hemişe şol bir ýerde durjakdygyny aňladýar. “Kosmos liftiniň” aýlanma wagtynda döwülmeginiň öňüni almak üçin onuň beýikligi takmynan ýokarda agzalyşy ýaly  bolmaly.


şu gün 00:18
518

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......