Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan “Dragon Oil” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

  • 12.06.2024 02:44
  • 22k+

11-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan  bilen BAE-niň dünýäde tebigy gaza we nebite iň baý döwletleriň biridigi we nebitgaz senagatyny ösdürmekde uly tejribä eýedigi  bellenildi. Nebitgaz pudagy ýurdumyzyň iň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy çig mal serişdelerini ulanmak arkaly milli ykdysadyýet üçin zerur bolan, şeýle hem eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeler we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertler barada aýdyp, Türkmenistanyň “Dragon Oil” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny belledi.
“Dragon Oil” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barmagyna örän buýsanýandygyny belläp, berilýän goldaw üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz hoşallygyny bildirdi hem-de kompaniýanyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

 


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......