Toyota täze Crown Signia 2024 wnedorožnigini hödürledi

  • 11.06.2024 23:23
  • 12k+

Täze premium-klasly gibrid Toyota Crown Signia 2024 wnedorožnigi tanyşdyryldy. Awtoulag 243 at güýjüni öndürýän 2,5 litrlik dört silindrli gibrid hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyrdiýip, Motor1 ýazýar.

 

Toyota Crown Signia XLE-iň binýatlyk wersiýasynyň bahasy 44 985 dollar, Limited komplektasiýasy bolsa 49 385 dollar. Iki görnüşi hem birmeňzeş gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylan.
Adaty komplektasiýasynda ýyladyjyly we ýelejiredijili deri oturgyçlar hem-de gyzdyryjyly dest bolýar. Şeýle hem, awtoulagda Toyota-nyň täze maglumat-güýmenje ulgamy bilen 12,3 dýuýmlyk duýgur ekran bar. XLE komplektasiýasy  alty dinamikli ses ulgamy, Limited-de bolsa 11 dinamikli JBL premium ses ulgamy bilen gelýär.
Alyjylar 1865 dollara töweregi 360 dereje görkezýän kameralary, dykynlarda  kömekçi ulgamyny, zolagy üýtgetmek kömekçisini we beýleki aýratynlyklary öz içine alýan Advanced Technology paketini goşduryp bilerler.

 


düýn 21:54
2.6k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......