Jokowiç ATP reýtinginde ornuny ýitirdi. Ýannik Sinner – dünýäniň birinji raketkasy

  • 11.06.2024 10:18
  • 3.9k+

Professional tennisçileriň assosiasiýasy (ATP) erkekleriň arasynda tennisiň ýekelikde görnüşinde täzelenen reýtingini hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär. 

Serbiýaly Nowak Jokowiç birinji orundan göni üçünji orna düşdi. Onuň ornuna italiýaly Ýannik Sinner geçip, dünýäniň birinji raketkasy boldy. “Rolan Garrosda” ýeňiji bolan ispaniýaly Karlos Alkaras bolsa ikinji orna çykdy.
ATP-niň 10-njy iýundaky täzelenen reýtingi:

  1. (2). Ýannik Sinner (Italiýa) — 9525 очков.
  2. (3). Karlos Alkaras (Ispaniýa) — 8580.
  3. (1). Nowak Jokowiç (Serbiýa) — 8360.
  4. (4). Aleksandr Zwerew (Germaniýa) — 6885.
  5. (5). Daniil Medwedew (Russiýa) — 6485.
  6. (6). Andreý Rublýow (Russiýa) — 4710.
  7. (7). Kasper Ruud (Norwegiýa) — 4025.
  8. (8). Hubert Hurkaç (Polşa) — 3995.
  9. (11). Aleks de Minor (Awstraliýa) — 3845.
  10. (10). Grigor Dimitrow (Bolgariýa) — 3775.

08.06.2026 12:41
2k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....