Täsin hyzmat: Hytaýly zenan 12 ýyl bäri nätanyşlara gijäniň rahat bolmagyny arzuw edýär

  • 11.06.2024 07:02
  • 9.8k+

Hytaýly Çžumeý eýýäm 12 ýyl bäri adaty bolmadyk hyzmaty hödürleýär: arzuwlar, höweslendiriji sözler we goşgular bilen nätanyş adamlara gije SMS ýazýar. Şeýle SMS-iň bahasy bary-ýogy 1 ýuan. 12 ýylyň dowamynda Çžumeý 50 müňden gowrak SMS iberdi we takmynan 10 müň adam bu hyzmatdan peýdalandy. Adaty bolmadyk hyzmat barada “Вокруг света” žurnalynda aýdylýar.

Nätanyş adamyň SMS-leri kime gerek?
Çžumeýiň aýdyp bermegine görä, adamlar onuň ýanyna dürli hekaýalar bilen gelýärler. Käbir adamlar dawa ýa-da uzak aýralykdan soň ýakynlaryna SMS ibermek isleýärler, käbirleri bolsa kyn döwri başdan geçirýän ýakynlaryna goldaw bermek isleýärler. Bir gün Çžumeýiň ýanyna bir ýetginjek gyzyň kyn döwri başdan geçiren ejesi geldi. Ol Çžumeýden gyzynyň “ýalňyz ýüregine teselli berjek we ir ýatmagyny ýatlatjak” SMS ibermegini haýyş etdi.
Şeýle hem, 30 ýaşly telekeçiniň kyn döwürde goldaw almak üçin özüne SMS sargyt etmegi bilen baglanyşykly bir waka bolupdyr.
Çžumeý häzirki zaman dünýäsinde köp adamlaryň özlerini ýalňyz duýýandyklaryny we başga bir adamdan geljek ýönekeýje “gijäň rahat bolsun” jümlesine mätäçdigini belläp geçýär.
Nätanyş adamyň durmuşyna penjire
Çžumeýiň özi bu işiň “nätanyş adamyň durmuşyna penjire” bolandygyny aýdýar. Maşgalanyň dokuzynjy gyzy bolany üçin, özi-de bir wagtlar şeýle goldawa mätäç bolandygyny boýun alýar. Ol bütin wagtyny körpe we ýekeje ogluna bagyş eden ene-atasynyň söýgüsini we ünsüni küýseýärdi.
Çzumeýiň hyzmaty oňa hiç wagt kän girdeji getirmedi - ýylda 3000 ýuandan (410 dollar töweregi) köp däl, ýöne onuň bu işi ýapmak niýeti ýok. Ol müşderilerinden köp minnetdarlyk alýandygyny aýdýar.
Müşderileri ýitirmek üstünligiň görkezijisidir
Çžumeý hemişelik müşderileriniň sargytlary bes edilende biçak begenýär. Diýmek, olar indi özlerini ýalňyz duýmaýarlar.


29.01.2026 07:06
5.2k+

Bahasy tas 30% arzanladylandan soň "şowsuz" iPhone Air Hytaýda derrew satylyp gutardy

Hytaýda iPhone Air modeliniň bahalarynyň ep-esli peselmeginden soň satuwlar düýpli üýtgedi. Meşhur JD.com internet bazarynda smartfonyň 256 GB ýatly wersiýasy eýýäm "satylyp gutardy" diýlip görkezilýär. Önümiň maglumat sahypasynda enjamyň täzeden satyn alynma (getirilme) tapgyryndadygy we eltip berme möhletleriniň fewral aýyna süýşürilendigi bellenilýär...

25.01.2026 12:26
3.7k+

iPhone Air Hytaýda satuwa çykandan bary-ýogy birnäçe aý soň 30%-e golaý arzanlady

Meşhur insaýder Ice Universe Hytaý bazarynda iPhone Air smartfonynyň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, smartfonyň bahasy gysga wagtyň içinde ep-esli aşak düşdi. Bu bolsa enjama bolan islegiň pesdigini we satuwy höweslendirmegiň zerurdygyny görkezýär...

22.01.2026 15:25
23k+

Hytaýda täsin toý boldy: Ekiz doganlar ekiz uýalar bilen durmuş gurdy. Toýa olaryň ekiz daýylary hem gatnaşdy

Hytaýda adaty bolmadyk bir toý dabarasy geçirildi: Sun familiýaly ekiz erkek doganlar Şan familiýaly ekiz uýalar bilen durmuş gurdular. Emma täsinlik diňe munuň bilen çäklenmedi — toýda ýaş çatynjalaryň her biriniň ekiz daýylary hem bar bolup çykdy...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...