Türkmen pälwany Russiýadaky Fight Nights ýaryşynda ilkinji gezek çykyş eder

  • 10.06.2024 15:11
  • 23k+

14-nji iýunda türkmen pälwany Şazada Ataýew garyşyk başa-baş söweş sungaty boýunça ilkinji gezek abraýly ýaryşda çykyş eder. Onuň garşydaşy Elektrostal şäherinden tejribeli söweşiji Andreý Baranowskiý bolar.

Fight Nights bilen Volga MMA-nyň howandarlygyndaky söweş Ulýanowsk şäheriniň “Wolga-Sport-Arena” sport köşgünde geçiriler.
Ýakynda Gala Sports bilen şertnama baglaşan Ataýew K1 boýunça Türkmenistanyň çempionydyr. Bu sportuň taý boksy, karate, taekwondo, sanda, kikboks, boks ýaly dürli söweş sungatlarynyň usullaryny öz içine alýan söweş görnüşidir.
Türgen ýaňy-ýakynda MMA-da çykyş edip başlady.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 10:58
6.3k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....