Netflix “Kesgir gaşlar” serialynyň ýordumynda doly göwrümli film çykarar

  • 10.06.2024 13:49
  • 4.6k+

Netflix meşhur “Kesgir gaşlar” (“Peaky Blinders”) serialyna esaslanýan doly göwrümli çeper filmiň çykaryljakdygyny resmi taýdan tassyklady. “Oskar” baýragynyň eýesi Killian Merfi Tomas Şelbiniň keşbine gaýdyp geler diýip, Deadline habar berýär.

"Tomas Şelbi meniň bilen hoşlaşmadyk bolara çemeli ... “Kesgir gaşlar”-yň film wersiýasynda Stiwen Naýtdyr Tom Harper bilen hyzmatdaşlygy gaýtadan ýola goýmak diýseň ýakymly." Bu muşdaklara niýetlenen film "- diýip, Merfi neşir bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy.

Filmiň edebi esasyny serialy dörediji Stiwen Naýt ýazar, režissýoryň oturgyjyny bolsa “Kesgir gaşlar” -yň birinji möwsüminiň ikinji ýarymyny surata düşüren režissýor Tom Harper eýelär. Film şu ýylyň ahyrynda surata düşürilip başlar. Filmiň çykjak  senesi entek yglan edilmedi.
Täze filmiň sýužeti baradaky jikme-jiklikler gizlin saklanýar. Şeýle-de bolsa, Stiwen Naýt filmdäki wakalaryň Ikinji Jahan urşy döwründe ýaýbaňlanmagynyň mümkindigini aýdypdy.
“Kesgir gaşlar” serialynyň Netflix-de 2013-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli çykandygyny we alty möwsümden ybarat bolandygyny ýatladýarys. Bu waka Beýik Britaniýanyň Birmingem şäherinde Şelbiniň garakçylar topary bilen beýleki jenaýatçy toparlaryň arasyndaky gapma-garşylyk hakynda gürrüň berýär. Hereketler  1919-njy ýylda, ýurduň Birinji Jahan Urşunyň netijelerini başdan geçirýän pursady ýaýbaňlanýar.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....