Werstappen Kanadanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy, “Ferrari” we Peres ýaryş ýolundan çykdy

  • 10.06.2024 13:16
  • 2.6k+

Üç gezek dünýä çempiony, “Red Bulluň” niderlandiýaly ýaryşa gatnaşyjysy Maks Werstappen 9-njy iýunda Monrealda geçirilen Kanadanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy.

Ikinji bolup pellehana “Maklareniň” ýaryşa gatnaşyjysy Lando Norris geldi, üçünji orny “Mersedesden” Jorj Rassell eýeledi.
“Mersedesden” ýene bir ýaryşa gatnaşyjy Lýuis Hemilton bolsa ýaryşy dördünji orunda tamamlady.
“Ferrariniň” sürüjileri Şarl Lekler we Karlos Saýns pellehana ýetip bilmedi. Werstappeniň topardaşy Serhio Peres hem ýaryş ýolundan çykdy.
Werstappen möwsümde altynjy we karýerasynda 60-njy ýeňşini gazandy. Ol sanawda 194 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Lekler, ýaryşy şowsuz tamamlandygyna garamazdan, ikinji orny saklaýar (138). Şeýle-de, ilkinji bäşlige Norris (131), Saýns (108) we Peres (107) girýär. Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bulluň” hasabynda 301 utuk bar, ikinji orunda 252 utuk bilen “Ferrari”, üçünji orunda 212 utuk bilen “Maklaren” gelýär.
Ispaniýanyň Gran-prisi 21 – 23-nji iýunda Barselonada geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

01.06.2026 17:02
6.8k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....