Täze Redmi 13 hödürlendi: güýçli 108 Mp kameraly elýeter bahaly smartfon

  • 09.06.2024 07:26
  • 13k+

Xiaomi güýçli 108 megapiksel kamerasy we kämilleşdirilen funksiýalary bolan täze elýeter bahaly Redmi 13 smartfonyny hödürledi.

Täze önüm, 9 pikseli 1-e birleşdirip, 3x ýakynlaşdyrmany üpjün edýän 1/1,67 dýuým ululykdaky Samsung ISOCELL HM6 esasy sensoryny aldy. Öň kamerasy hem täzelenme aldy, indi onuň ölçegi 13 megapiksele deňdir.
Redmi 13 FHD ululykdaky 6,79 dýuýmly IPS displeý we 90 Gs täzeleniş ýygylygy bilen üpjün edilendir. Prosessor hökmünde MediaTek Helio G91-Ultra ulanylýar. Telefon üç ýat görnüşinde elýeterlidir: 6GB/128GB, 8GB/128GB we 8GB/256GB. Ýadyň göwrümini mikroSD karta arkaly 1 TB çenli giňeldip bolar.
Telefon, 5030 mA/s akkumlýatora 62 minudyň dowamynda 0-dan 100%-e çenli zarýad berip bolýan kuwwatlylygy 33W bolan çalt zarýady goldaýar. Şeýle-de Redmi 13-üň IP53 tozana we suwa garşy goragy bar.
Redmi 13-üň bahasy 180 dollardan başlaýar. Telefon dört reňkde elýeterlidir: gara (Midnight Black), altynsow (Sandy Gold), gülgüne (Pearl Pink) we gök (Ocean Blue).


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...