Apple 2024-nji ýylyň iň gowy oýunlaryny we programmalaryny saýlady

  • 09.06.2024 07:27
  • 5.6k+

WWDC 2024-üň öňüsyrasynda Apple kompaniýasy Apple Design Awards baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. Kupertinoly hünärmenler öz dizaýny, funksionallygy we ulanyjylara täsiri bilen tapawutlanýan iň gowy programmalary we oýunlary saýladylar.

Şu ýyl baýrak 7 kategoriýa bölündi, olaryň her birinde 2 ýeňiji bar:

Lezzet we gyzykly:

  • -          Programma: Bears Gratitude – rahatlyk we pozitiw atmosferany döredýän mähirli aýylar we leniwesler bilen gündelik.
  • -          Oýun: NYT Games – New York Times-den krosswordlary, tapmaçalary öz içine alýan ýönekeý we stile laýyk dizaýnly oýunlar ýygyndysy.

Inklýuziwlik:

  • -          Programma: oko – görüş taýdan kemçilikli adamlara ýolyşygyň signallaryny kesgitlemek arkaly şäherde gezmäge kömek edýän programma.
  • -          Oýun: Crayola Adventures – gahrymany öz islegiňe görä sazlamaga, bezeg döretmäge we tapmaçalary çözmäge mümkinçilik berýän başdan geçirmeler oýny.

Innowasiýa:

  • -          Programma: Procreate Dreams – 2D animasiýany döretmek üçin çotgalaryň we hereketleriň giň toplumyny hödürleýän gural.
  • -          Oýun: Lost in play – elde döredilen grafika we tapmaçalar bilen çagalaryň hyýallary barada başdan geçirme.

Özara gatnaşyk:

  • -          Programma: Crouton – tagam taýýarlygyna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän, gerekli önümleriň sanawyny düzmek üçin reseptleri we gurallary öz içine alýan programma.
  • -          Oýun: Rytmos – her derejede täze elementleri goşýan pazl tapmaçasy.

Sosial täsir:

  • -          Programma: Gentler Streak Fitness Tracker – fiziki işjeňligiňe, dynç alşyňa we özüňi duýşuňa gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän işjeňlik trekeri.
  • -          Oýun: The Wreck – hassahana düşen ýazyjy Junonyň wakasyny gürrüň berýän oýun.

Wizual we grafika:

  • -          Programma: Rooms – öz döredijiligiňi beýlekiler bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýän, rahat 3D otaglaryny döretmek üçin programma.
  • -          Oýun: Lies of P – oýunça robotlaşdyrylan gurjagy dolandyrmaga mümkinçilik berýän güýçli grafikaly başdan geçirme.

Giňişlik hasaplamalary:

  • -          Programma: djay pro – DJ App & AI Mixer – özüňi dijeý duýmaga mümkinçilik berýän, Apple Vision Pro üçin AR programma.
  • -          Oýun: Black Box – özboluşly tapmaçalary öz içine alýan AR oýun.

Bellenilen programmalaryň we oýunlaryň käbirleri App Store-yň käbir sebitlerinde elýeterli bolman biler, olaryň birnäçesi bolsa töleglidir.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...