“Oskar” baýragyny alan “Tapmaça 2” multfilminiň soňky treýleri çykdy

  • 08.06.2024 17:45
  • 7.8k+

Pixar we Disney studiýalary iň gowy animasion film hökmünde “Oskar” alan 2015-nji ýylyň meşhur “Tapmaça” animasion filminiň dowamynyň soňky treýleri bilen paýlaşdylar.

“Tapmaça 2” (Головоломка 2) bölüminde tomaşaçylar eýýäm ýetginjek bolan gyzjagaz Raýli bilen ýene-de duşuşarlar. Raýli bilen bilelikde onuň esasy duýgulary: Şatlyk, Gussa, Gahar, Gorky we Ýigrenç hem ulaldy.
Ýöne ýetginjeklik ýaşynda Raýliniň kellesinde täze gahrymanlar-da peýda bolýar: Howsalalyk, Utanç, Ýürekgysgynçlyk, Nostalgiýa we Göriplik.
Olaryň ählisi bilelikde ýetginjekler üçin adaty bolan okuw, dost gözlegi, ilkinji söýgi we dünýäde öz ornuňy tapmak ýaly meselelere duçar bolýan Raýliniň durmuşyny aňsatlaşdyrmaly (ýa-da kynlaşdyrmaly) bolýar.
Multfilmiň dowamynyň režissýory hökmünde Kelsi Mann (“Gowy dinozawr”, «Хороший динозавр») çykyş etdi, ssenariýalary birinji bölümiň üstünde işlän Meg LeFow ýazdy.
Multfilm daşary ýurt prokatyna 14-nji iýunda çykar.
Geçenki “Tapmaça” dünýäde 858,8 mln dollar ýygnap, 2015-nji ýylyň iň girdejili ýedinji filmi boldy.


düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....