2025-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde hemişelik däl agzalar boljak ýurtlar belli boldy

  • 08.06.2024 07:12
  • 12k+

Daniýa, Gresiýa, Pakistan, Somali we Panama 2025-nji ýyldan 2026-njy ýyl aralygynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalary bolarlar. Bu barada bütindünýä guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine jemi 15 agza döwlet girýär. Her ýyl düzümiň bäş hemişelik däl agzasy ondan çykýar, olaryň ýerine başga bäş ýurt saýlanýar. Şol bir wagtyň özünde, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzasy bolmak üçin dalaşgär döwlet Baş Assambleýanyň degişli mejlisinde zalda oturanlaryň sesleriniň azyndan üçden iki bölegini almalydyr.
Agentligiň maglumatlaryna görä, bellenilen ýurtlar Şweýsariýanyň, Maltanyň, Ýaponiýanyň, Ekwadoryň we Mozambikiň orunlaryny eýelärler. Olaryň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalary hökmünde ygtyýarlyklarynyň möhleti şu ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanar.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......