ÝB - Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň mejlisi geçirildi

  • 07.06.2024 23:10
  • 8.8k+

5-nji iýunda Brýusselde syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB-Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Tükmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Çäre Daşary gatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň (DGÝG) edarasynda geçirilip, Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini ýygnady. Duşuşyk resmi surata düşmek dabarasy we gutlag sözleri bilen başlandy, soň tematiki bölümçeler geçirildi.

«Ösüp barýan ählumumy we sebitleýin howpsuzlyk gurşawy» atly birinji bölümçede Türkmenistanyň wekiliýeti ählumumy howplara, şol sanda terrorçylyga we kiberjenaýatçylyga garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň 2025-2030-njy ýyllar üçin zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy göreşmek boýunça täze Milli strategiýasynyň üstünde işleýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähmiýeti we halkara bileleşiginiň parahatçylyk tagallalaryndaky orny hem nygtaldy.
ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda howpsuzlyk meselelerindäki hyzmatdaşlyga bagyşlanan ikinji mejlisde, türkmen tarapy gepleşikler we halkara hyzmatdaşlygy arkaly syýasy durnuklylygy berkitmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şu nukdaýnazardan, howpsuzlygy berkitmäge we serhetaşa howplara garşy göreşýän BOMCA, CADAP we LEICA ýaly ÝB tarapyndan goldanýan maksatnamalaryň ähmiýeti görkezilýär. Türkmen tarapy, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösüşine we kiberhowpsuzlyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Jemleýji bölümçe terrorçylyk howpyna we Owganystandaky ýagdaýlara bagyşlandy. Türkmen wekiliýeti Owganystanda durnuklylygy gazanmak üçin halkara goldawynyň möhümdigini aýtdy we «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisi, elektrik liniýalary we demirýol gurluşygy ýaly bu ýurtda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalara ünsi çekdi.
ÝB tarapyndan çekişmelere Syýasy meseleler boýunça baş sekretaryň orunbasary we DGÝG-niň syýasy direktory Enrike Moru, Merkezi Aziýa boýunça ÝB-niň ýörite wekili Teri Hakala, Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ÝB-niň ýörite wekili Nadia Kostantini, Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ÝB-niň utgaşdyryjysy Bartýan Wegter we Owganystan boýunça ÝB-niň ýörite wekili Tomas Niklasson ýaly esasy wekiller gatnaşdylar.


düýn 11:28
558

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
1.6k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....