GDA döwletleri ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli strategiýasyny taýýarlaýarlar

  • 07.06.2024 16:21
  • 5k+

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli strategiýasyny işläp düzmegi meýilleşdirýärler. Bu barada BELTA agentligi Belarus döwletiniň energetika ministrligine salgylanyp habar berýär.

Arkalaşygyň çäklerinde energetika pudagynda özara gatnaşyklar meselesi Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň 64-nji mejlisiniň çäklerinde maslahatlaşyldy.
Energetika ulgamynda 2035-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk konsepsiýasy 24-nji maýda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde tassyklanyldy.
Belarusyň energetika ministri Wiktor Karankewiçiň sözlerine görä, şeýle hem sebit energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk konsepsiýasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär.
Arkalaşygyň Elektroenergetika geňeşiniň 64-nji mejlisine gatnaşyjylar energetika pudagynyň ösüşiniň häzirki zaman ýörelgelerini we GDA-nyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini seljerdiler, atom energetikasyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini we howa borçnamalaryny durmuşa geçirmekde onuň ornuny maslahatlaşdylar.
Taraplar zerur bolan elektroenergetika tor infrastrukturasyny döretmäge taýýarlygyny beýan etdiler.


düýn 19:01
2.7k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...