Ýapon milliarderi Aýyň töweregine ilkinji syýahatçylyk uçuşyny amala aşyrmak baradaky taslamasyny ýapdy

  • 06.06.2024 14:56
  • 10k+

Ýaponiýaly milliarder Ýusaku Maedzawa SpaceX kosmos gämisinde Aýyň töweregine ilkinji syýahatçylyk uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýän DearMoon taslamasynyň ýapylandygyny habar berdi.

Taslamanyň metbugat gullugynyň habarynda: "DearMoon taslamasynyň çäginde Aýyň töweregine amala aşyrylmagy meýilleşdirilen ilkinji hususy uçuşyň ýatyrylandygyny gynanç bilen size habar berýäris" -diýilýär.
Ýatyrmak baradaky karar uçurylyşyň yza süýşürilmegi we “ýakyn geljek üçin takyk meýilnamanyň” ýoklugy sebäpli kabul edildi.

“DearMoon 2023-nji ýylyň ahyryna çenli uçurylar diýen pikir bilen 2018-nji ýylda şertnama baglaşypdym. Emma munuň haçan amala aşjakdygy entek belli däl. Men beýle şertlerde geljegimi meýilleşdirip bilmerin we ekipažyň agzalaryny garaşdyrýanym üçin özümi oňaýsyz duýýaryn, ine şu hem taslamany ýatyrmak ýaly kyn  karara gelmäge mejbur etdi "- diýip Maedzawa düşündirdi.

SpaceX 2017-nji ýylda Aýyň töweregine täjirçilik uçuşyny ýola goýmagy meýilleşdirýändigini mälim edipdi. Maezawa kosmos gämisindäki ähli ýerleri satyn almak bilen, bilelikdäki missiýa gatnaşjak topary yglan eden ilkinji ýolagçy bolupdy.
Netijede, toparyň düzümine dürli ýurtlardan bolan meşhur şahsyýetler girdi, ýagny, dijeý Stiw Aoki, blogçy Tim Dodd, amerikaly režissýor Brendon Holl, şeýle hem Günorta Koreýanyň TOP ýerine ýetirijisi, irlandiýaly suratkeş Riannon Adam, çehiýaly telekeçi we prodýuser Ýemi A.D., hindi aktýory Dew Joşi we iňlis suratçysy Karim Iliýa.
Maedzawa eýýäm 2021-nji ýylda rus “Soýuz”-ynda HKS-na uçup, kosmosa syýahat etdi.


düýn 13:25
4k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda,......

düýn 10:30
2.1k+

Syýahatçylar Kanadanyň milli seýilgählerine mugt girip bilerler

Kanada 2026-njy ýylyň 19-njy iýunyndan 7-nji sentýabryna çenli «Parks Canada» guramasynyň garamagyndaky milli seýilgählere, taryhy ýerlere we deňiz goraghanalaryna girmek üçin tölegleri bütinleý ýatyrýar....

14.05.2026 16:06
3.4k+

Asuda hem çet: Filippinlerdäki kenar dynç alyş üçin iň gowusy diýlip saýlandy

Filippinleriň Palawan welaýatyndaky Entalula dynç alyş kenary «World’s 50 Best Beaches 2026» reýtinginde birinji orny eýeledi. Iň arassa we çola kenarlaryň sanawyny «Time Out» neşiri taýýarlady....

10.05.2026 22:08
8.3k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......