"Tekerleriň üstündäki gala": sowutlanan Toyota Tundra hödürlendi

  • 06.06.2024 15:00
  • 12k+

Kanadanyň Inkas Armored kompaniýasy Toyota Tundra kysymly pikapyň bronlanan görnüşini hödürledi.

Awtoulag BR6 + derejeli goragy üpjün etmäge niýetlenendir. Gorag köpgatly ballistik aýnanyň, 360 dereje sowutlanan kuzowyň, akkumulýatory we ýangyç bakyny hem öz içine almak bilen, ähli möhüm bölekleriniň hemmesiniň sowutlanmagy arkaly üpjün edilýär.
Ulaga tüpeň oky we el granatlarynyň partlamasy kär edip bilmeýär.
Şina deşilse hem dolandyryp bolar ýaly Runflat tekerleri ulanylýar.
Gapylarynyň gaýym petleleri we berkidijileri onuň öz-özünden açylmagynyň öňüni alýar.
Bronlanan Toyota Tundra 10 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen jübütlenen, 389 at güýjüni öndürýän 3,5 litrlik Twin Turbo V6 hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir.
Awtoulagyň gabarasynyň ölçegleri: 5932 x 2024 x 1982 mm, tigir bazasy - 3699 mm.
Ýangyç bakynyň göwrümi 83 litr.

"Inkas Armored Toyota Tundra - bu ýöne bir  ulag bolman, eýsem aňrybaş howpsuzlygy we kuwwaty isleýänler üçin döredilen tekerleriň üstündäki gala" – diýip, Inkas Armored nygtaýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......