1 adam = 1 hereketlendiriji: Mercedes-AMG V8-iň gurnama usulyny görkezdi

  • 06.06.2024 15:12
  • 11k+

Mercedes-AMG hereketlendirijileri gurnama işine özboluşly çemeleşmesini görkezdi, bu ýerde her bir V8-e aýratyn adam jogap berýär diýip, IXBT ýazýar.

Beýleki kompaniýalarda hereketlendiriji gurnama hatary boýunça hereket edýän we onuň gurnama işine birnäçe adam gatnaşýan bolsa, Mercedes-AMG-niň “Bir adam, bir hereketlendiriji” (One Man, One Engine) filosofiýasy prosesiň esli böleginiň başynda diňe bir hünärmeni goýýar.    
GoomeBlog kanalyna AMG-niň Affalterbahdaky önümçilik merkezinde goşa turbo-güýçlendirijili 4,0 litrlik V8-iň gurnama işini görmek başartdy. Porşeni, silindr bloklarynyň “kellesini” we BorgWarner turbokompressory hünärmen Ýannik Ştalyň hut özi ýerine gurnaýar.
Ştalyň hereketlendirijini zawod enjamlarynyň we onlarça çylşyrymly gurallaryň kömegi bilen ýygnaýandygy üçin, bu çemeleşme adaty “el” zähmetinden uzakda diýseň hem bolar. Ahyrynda, onuň eli bilen ýygnan her bir V8 hereketlendirijisi atly tablisajyga we AMG-niň firma nyşanyna eýe bolýar.
Taýýar hereketlendiriji AMG GT, AMG G63 we AMG S63 E Performance ýaly modellere oturtmak üçin gurnama zawodyna iberilmezden ozal düýpli synaglardan geçirilýär.


düýn 12:20
3.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....