Mercedes özüniň esasy C-Class Estate uniwersalyny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar

  • 26.07.2025 17:49
  • 4.5k+

Mersedes-Benz C-Class Estate uniwersalyny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Modeliň ilkinji çykyşy 2026-njy ýylyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ol Günorta Ýewropada synagdan geçýär.

Ogryn düşürilen suratlar awtoulagyň dizaýnyna, tehnologiýasyna we gibrid ulgamlaryna üýtgeşmeleriň girizilendigini görkezýär.
Restaýling daşky görnüşini düýpli üýtgetmeklige däl-de, tehniki taýdan kämilleşdirmeklige gönükdirilendir. Mercedes sanly we gibrid mümkinçiliklerini güýçlendirmek bilen bir hatarda, uniwersalyň amalylygyny saklaýar.
Awtoulagyň daşky görnüşi S-Class stilindäki täze radiator paneliniň, birneme üýtgedilen bamperleriň we brend optikasynyň hasabyna täzelener. Yzky yşyklar üç şöhleli ýyldyz alar, öňdäki LED faralar öz şekilini saklar, ýöne üýtgedilen gündizki yşykly çyralary nyşana geçiriler. MultiBeam LED tehnologiýasy opsional bolup galar.
Salonda 45 dereje eglen ekran saklanar, ýöne MBUX maglumat ulgamy täze CLA-da bolşy ýaly, MB.OS platformasyna geçer. Bu 2+ derejeli awtopiloty we täze sanly funksiýalary goldar.
Esasy üns gibrid tehnologiýalara gönükdirilendir. PHEV-iň zarýad berilýän wersiýalary elektrik çekişinde 150 km ýol geçip, täze enjamlaryň kömegi bilen has çalt zarýad alar. Benzin we dizel bilen işleýän,  dört we alty silindrli hereketlendirijiler saklanyp galar. Olar 9 tizlikli awtomatiki geçiriş we 4MATIC ähli tigirleri hereketlendiriji bilen işlärler.


20.06.2026 12:20
3.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....