Mercedes arka ganatdaky kemçilik sebäpli «AMG One» giperkarlaryny yzyna çagyrýar

  • 02.07.2025 00:58
  • 4.4k+

Mercedes-Benz kompaniýasy bilen Germaniýanyň Federal awtotransport edarasy bilelikde 275 sany nusgada öndürilen Mercedes-AMG One giperkarlarynyň 219-synyň yzyna çagyrylýandygyny mälim etdi. Bu bolsa ähli öndürilen modelleriň, takmynan, 80%-i diýmek bolýar. Şolaryň 183-si Germaniýada ýerleşýär.

Mesele işjeň arka ganatyň gidro herekete getirijisi bilen baglanyşykly. Beýanatda aýdylmagyna görä, giperkarlar ýygnalýan döwri ýalňyşlyk goýberilen bolmaly: käbir ulaglarda düzgün boýunça hökmany goýulmaly berkidiji ştiftleriň biri (fiksator) goýulmandyr. Bu ýagdaý gidro ulgamyň iş suwuklygynyň syzmagyna sebäp bolup biler.
Eger-de şol suwuklyk güýç ulgamyň gyzgyn böleklerine syzsa, ýangyn döräp biler. Emma bu mesele AMG One modeliniň hereketlendirijisinden gelip çykmaýar – ol 1,6 litrlik turbinaly V6 esasynda düzülen çylşyrymly gibrid hereketlendiriji bilen işleýär.
Yzyna çagyrylan ähli ulaglaryň arka ganatynyň herekete getiriji ulgamy barlanar. Zerur bolan ýetmeýän detallar täzeden ornaşdyrylar.
Bu mesele bilen bagly giperkarlaryň hemmesi 2022-nji ýylyň 12-nji dekabry bilen 2025-nji ýylyň 9-njy maýy aralygynda öndürilen ulaglardyr.


20.06.2026 12:20
3.8k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....