Daşoguz welaýatynyň ilatyna 200 sany täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi

  • 06.06.2024 10:42
  • 21k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow demirgazyk sebitiň ýaşaýjylaryna 200 sany täze ýolagçy awtobuslaryny sowgat berdi.

Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze awtobuslar 5-nji iýunda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasynyň çäklerinde gowşuryldy.
Dabaranyň barşynda döwlet Baştutany täze awtobuslaryň açarlaryny Daşoguz welaýatynyň häkimine gowşurdy. Häkim sowgat berlen döwrebap awtobuslar üçin welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
«TOYOTA HIACE» kysymly kiçi synply döwrebap awtobuslaryň we «TOYOTA COASTER» kysymly orta synply awtobuslaryň gowşurylmagy bilen «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi. Bu awtobuslaryň şäherýaka ugurlary boýunça hereket etmegine garaşylýar.
Belläp geçsek, täze awtobuslar ýakynda ýurdumyzyň Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň ýaşaýjylaryna hem sowgat berildi. 


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......