Lebap welaýatynyň ilatyna 190 sany Toyota kysymly täze awtobuslar we mikro awtobuslar gowşuryldy

  • 13.03.2024 23:32
  • 35k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine 28 ýolagça niýetlenen «Toyota Coaster» kysymly awtoulaglaryň 170 sanysy hem-de 13 ýolagça niýetlenen «Toyota Hiace» kysymly awtoulaglaryň 20 sanysy sowgat hökmünde gowşuryldy.

Awtoulaglaryň ählisi hem 2023-nji ýylda Ýaponiýada öndürildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Täze ýolagçy awtoulaglary etraplardan Türkmenabat şäherine gelýän ýolagçylara, şeýle hem şäherýaka ilatly ýerleriň ýaşaýjylaryna hyzmat eder.
Şonuň bilen birlikde welaýata gelip gowşan täze awtoulaglar edara-kärhanalardan hem-de raýatlardan kabul edilen buýurmalar esasynda gatnawlary amala aşyrar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......