ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy diplomatik missiýasyny tamamlaýar

  • 05.06.2024 14:37
  • 2.3k+

4-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF-niň) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesini üstünlikli tamamlaýan Mohammad Faýazi bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-inda habar berýärler.

Diplomatlar häzirki zaman meselelerini we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Mundan başga-da, taraplar ileri tutulýan ugurlary hökmünde çagalaryň bähbidi üçin dolandyryş, çagalaryň saglygy, iýmitlenmegi we irki ösüşi, çagalaryň durmuş goraglylygy we ýokary hilli bilim ýaly ugurlar kesgitlenilen ÝUNISEF-iň we Türkmenistanyň hökümetiniň 2021- 2025-nji ýyllar üçin Ýurt meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meselelere seretdiler. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň saglygyny dikeltmäge mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermekde alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellendi.
Duşuşygyň ahyrynda M.Faýazi şu ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk edýän diplomatik missiýasynyň üstünlikli işinde berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......