Arnold Şwarseneggeriň mähnet göwresi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

  • 05.06.2024 13:48
  • 19k+

Kaliforniýa ştatynyň Santa-Fe-Springs şäherindäki ShowFX sergisinde Arnold Şwarseneggeriň “Fubar” serialynyň gahrymanynyň keşbindäki äpet göwresi  goýlupdyr. 6,75 metrlik heýkel aktýoryň iň uly göwresi hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Rekordlar kitabynda heýkeliň boýunyň ortaça žirafyňkydan we ABŞ-nyň prezidentleriniň Raşmor dagyndaky ýüzleriniň barelýefinden has beýikdigi bellendi.
Heýkel “Fubar”-yň ilkinji görkezilişiniň şanyna çäkli nusgada çykarylan 10 sm-lik Netflix heýkeljikleriniň ulaldylan görnüşidir. Bu serialda Şwarsenegger Merkezi aňtaw müdirliginiň gullukçysynyň keşbini ýerine ýetirýär we edil özi ýaly aňtaw gullugynda işleýän gyzy bilen gaýtadan tapyşýarlar. Kino tankytçylarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan bu serial geçen ýyl ikinji möwsüme uzaldyldy.


düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......