Warner Bros. "300 spartaly" filminiň prikwel serialyny taýýarlaýar

  • 05.06.2024 13:28
  • 4.5k+

Warner Bros. Television “300 spartaly” («300 спартанцев») filminiň prikwel serialynyň taýýarlanýandygyny mälim etdi. Ozal filmiň asyl nusgasynyň üstünde işlän Zak Snaýder taslamanyň režissýory we prodýusseri bolar diýip, Variety ýazýar.

Filmiň sýužetiniň jikme-jiklikleri barada entek hiç zat aýdylmady, ýöne serialyň 2006-njy ýylda görkezilen filmdäki wakalaryň başy boljakdygy belli.
Taslama taýýarlamaklygyň başlangyç tapgyrynda, ssenariçi we seriýanyň haýsy platformada  ýaýlyma goýberiljegi entek kesgitlenmedi.
“300 spartaly” (2006) filmi Frenk Milleriň grafiki romany esasynda döredildi. Film b.e. öňki 480-nji ýylda Fermopillerde bolan söweş barada bolup, ol ýerde patyşa Leonidiň ýolbaşçylygyndaky 300 spartaly patyşa Kserksiň san-sajaksyz pars goşuny bilen söweşipdir. Jerard Batleriň baş keşbi janlandyran bu filmi 65 million dollarlyk býujeti bilen dünýä kassa ýygymynda 450 million dollardan gowrak girdeji gazandy.
Ýewa Griniň baş keşbi janlandyran “Imperiýanyň gülläp ösüşi” (“Расцвет империи”) sikweli 2014-nji ýylda çykdy we kassa ýygymynda 337 million dollar gazandy.


düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......