BAE 2025-nji ýylda ikinji “Geljegiň oýunlaryny” kabul eder

  • 04.06.2024 13:36
  • 3.2k+

Kibersport bilen adaty sport görnüşlerini birleşdirýän ikinji “Geljegiň oýunlary” 2025-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriler. Bu barada taslamanyň ýolbaşçysy Igor Stolýarowa salgylanyp, “Ekspert” portaly habar berýär.

Öň, ýaryşy Gazagystanyň kabul etmäge taýýardygy habar berlipdi.
2024-nji ýylda Kazanda geçirilen ilkinji ýaryş 116 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan 2000-den gowrak türgeni ýygnady. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden 14 talypdan we 1 mugallymdan ybarat milli ýygyndy fijital-futbol we fijital-basketbol boýunça ýaryşlara gatnaşdy.
Gatnaşyjylar kompýuter oýunlaryny fiziki synaglar bilen utgaşdyrýan 21 dissiplinada bäsleşdiler. Birinji “Geljegiň oýunlarynyň” baýrak gaznasy 10 mln dollar boldy.
BAE-de “Geljegiň oýunlary – 2025-iň” has gerimli bolmagyna we has köp tomaşaçyny ýygnamagyna garaşylýar.


06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

12.04.2026 21:12
4k+

FIFA çaklamalar biržasy bilen taryhda ilkinji gezek şertnama baglaşandygyny yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän ADI Predictstreet kompaniýasy bilen köp ýyllyk şertnama baglaşdy we bu guramanyň taryhynda täjirçilik oýunlaryny çaklamak boýunça ilkinji......

05.02.2026 23:31
1.1k+

Abu-Dabi taryhda ilkinji Open Masters Games multi-sport ýaryşyny kabul edýär

2026-njy ýylyň 6–15-nji fewraly aralygynda Abu-Dabide taryhda ilkinji Open Masters Games multi-sport ýaryşy geçiriler. Bu barada Gulf News neşiri habar berýär. Bu uly göwrümli sport çäresi Al-Aýn we Al-Dafra şäherlerini hem gurşap alar...