Maýkl Jeksonyň durmuşy baradaky filmi surata düşürmek işleri tamamlandy

  • 03.06.2024 15:50
  • 12k+

Pop-sazyň şasynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän “Maýkl” terjimehal filmini surata düşürmek işleri tamamlandy. Bu barada GK Films film kompaniýasy habar berdi. Filmiň daşary ýurtdaky ilkinji görkezilişini 2025-nji ýylyň aprelinde geçirmek meýilleşdirildi diýip, Collider ýazýar.

Maýkl Jeksonyň keşbini onuň ýegeni Jaafar Jekson oýnady. Filme “Türgenleşik güni” (“Тренировочный день”) we “Beýik deňleýji” (“Великий уравнитель”) filmleri bilen tanalýan Antuan Fukua režissýorlyk etdi. Filmde Jaafar bilen birlikde Kolman Domingo, Lora Herriýer we Maýlz Teller dagylar hem surata düşdüler.
“Maýkl” filmini paýlaýjy Universal studiýasynyň meşhur aýdymçynyň filmde beýan edilýän terjimehalyndaky jedelli bölümleri görkezmejekdigi öň habar berlipdi.


şu gün 09:56
179

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
159

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
3.9k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......