«Türkmenhowaýollary» haj zyýaraty üçin 10 sany ýörite gatnawy ýola goýýar

  • 03.06.2024 14:02
  • 15k+

"Türkmenhowaýollary" agentligi 2024-nji ýylyň haj möwsüminde 289 sany türkmenistanly zyýaratçynyň haj parzyny berjaý etmekleri üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna eltip-getirmek boýunça 10 sany ýörite gatnaw ýola goýdy. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Şu ýylyň haj döwründe «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralýan ýörite gatnawlar 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 9-njy iýuly aralygynda ýerine ýetiriler.
289 sany ildeşlerimizden ybarat bolan döwlet toparyny Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek boýunça çykdajylary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary»  agentligi öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrar.


düýn 19:49
2.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

düýn 10:10
2.7k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......