"Türkmenhowaýollary" Kazana gatnawlaryny wagtlaýyn ýatyryp, Moskwa uçup başlaýar

  • 03.06.2024 12:06
  • 17k+

2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça gatnawlar ýatyrylýar. Bu barada awiakompaniýada habar berdiler.

Russiýa Federasiýasyna uçuşlar Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylar.
Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça öň alnan awiabiletleri Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugruna ulanyp bolar.

2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan 17-nji iýun aralygynda Aşgabat – Kazan ugry boýunça awiabiletleri bolan ýolagçylar üçin Moskwa şäherinden Kazan aeraportyna çenli mugt we rahat awtoulag bilen gatnaw üpjün ediler. Şeýle hem Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiabileti bolan ýolagçylar üçin Kazan aeraportyndan Moskwa şäheriniň howa menziline çenli mugt we rahat awtoulag üpjün ediler.
Ýolaçylara uçuşa hasaba alynýan wagtyndan (biletde görkezilen wagtdan 3 sagat öň) Kazan howa menzilen gelmekleri haýyş edilýär. Awiabiletleriň ählisi hereket edýär.

Aşgabat – Kazan – Aşgabaty ugurlaryna awiabiletleri alan ýolagçylara:
1. Awiabileti täzeden resmileşdirmek:
Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiabiletler ýolagçynyň islegleri bilen, Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça tölegsiz täzeden ýazylyp berler. Awiabiletleri kassalarda täzeden resmileşdirilmeginiň zerurlygy ýokdur. Ýolagçylar awiabiletde görkezilen senä we wagta görä, Aşgabat we Moskwa şäherlerindäki halkara howa menzillerine uçuşa hasaba alynýan wagtynda gelmelidirler.
Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiabiletler, ýolagçynyň islegleri bilen Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça tölegsiz başga senä geçirip bilýändigiňiz barada Size habar berýäris.
2. Pul serişdeleriň yzyna gaýtarylmagy:
Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetiriljek gatnawlara awiabiletini üýtgetmek islemeýän ýolagçylar üçin, Awiakompaniýanyň häzirki hereket edýän düzgünlerine we görkezmelerine laýyklykda tutumsyz doly yzyna gaýtarylar. Pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy diňe awiabilediň satyn alnan ýurdunda gaýtarylýar.
Habarlaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda ýerleşýän türkmen wekiliniň maglumat üçin telefon belgisi.
+8-812-459-98-99
Moskwa:+79032432250
+79151098502
Kazan : +78435005531
Sankt-Peterburg: +78124599899

Hem-de turkmenistanairlines.tm saýtynda görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:
Aşgabat: +99312230318,
+99312230315,
37-84-52, 37-84-32
Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm


25.06.2026 23:36
5.6k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......