Aşgabatda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk dowam edýär

  • 02.06.2024 23:08
  • 8.6k+

2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär.

8-nji maýda dalaşgärleri hödürlemek çäresi başlandy we guramaçylykly dowam edýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan wekilleri hödürlemek boýunça mejlislerdir ýygnaklar geçirilýär.
Ähli saýlaw okruglarynda bir deputatyň ýerine birnäçe dalaşgär hödürlenilýär.
Jemgyýetçilik-syýasy çärä milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk esasynda, kadalara laýyklykda geçirilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu saýlawlarda syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 76-sy bellige alyndy hem-de olara şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Ýerlerde okrug we uçastok saýlaw toparlary hereket edýär. Merkezi saýlaw topary tarapyndan okrug, uçastok saýlaw toparlary, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary, synçylar üçin olaryň ygtyýarlyklary, bu syýasy çäräni geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrýan ýörite gollanmalar taýýarlanyldy. Häzirki wagtda üç okrugyň çäklerinde 60 saýlaw uçastogy döredildi. Olaryň hemmesi degişli guramaçylyk enjamlary, saýlawlar boýunça maglumatlar bilen üpjün edildi hem-de olarda maglumat, usulyýet edebiýaty, Saýlaw kodeksi çap edilen kitaplar, kadalaşdyryjy namalar bar.
Şeýlelikde, dalaşgärleri hödürlemek 6-njy iýuna çenli, olary bellige almak bolsa 11-nji iýuna çenli dowam eder. Dalaşgärler okrug saýlaw toparlarynda bellige alnar. Şondan soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary boýunça telewideniýedäki çykyşlary, degişli saýlaw okruglarynda saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:16
3.6k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....