Mourinýu “Fenerbahçäniň” baş tälimçisi bellenildi

  • 02.06.2024 21:51
  • 10k+

Iki gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi Žoze Mourinýu Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada futbol klubunyň X sosial ulgamyndaky akkauntynda habar berilýär.

Şertnama gol çekişligiň we tälimçini tanyşdyryşyň ýekşenbe güni gijräk geçirilmegine garaşylýar.
61 ýaşly portugaliýalynyň öňki iş ýeri “Roma” klubundady, ony ýanwar aýynda terk etdi.
2021/2022-möwsüminde Mourinýu topar bilen Konferensiýalar ligasynda ýeňiş gazanyp, rimlileri ilkinji ýewrokubok ýeňşine getirdi. 2022/2023-möwsüminde “Roma” Mourinýunyň ýolbaşçylygynda Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy we bu ýerde Ispaniýanyň “Sewilýasyndan” oýundan soňky penalti tapgyrynda utuldy. Mourinýu Rim klubundan öň “Çelsä”, Madridiň “Realyna”, Italiýanyň “Interine”, Portugaliýanyň “Portu”, “Leýriýa”, “Benfika” toparlaryna tälimçilik etdi. Tälimçi hökmünde Çempionlar ligasynda we Ýewropa ligasynda (öň – UEFA-nyň Kubogy) iki gezek, Konferensiýalar ligasynda bir gezek ýeňiş gazandy. 


düýn 15:26
2.1k+

AFK 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň bije çekişlik dabarasyny yza süýşürdi

Aziýa futbol konfederasiýasy (AFK) 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň bije çekişlik dabarasyny näbelli möhlete geçirdi. Aslynda bu çäre 2026-njy ýylyň 11-nji......

düýn 01:20
5.6k+

«Inter Maýami» stadionynyň tribunasyna Messiniň ady dakyldy

«Inter Maýami» kluby täze stadionynyň tribunalarynyň birine özüniň häzirki wagtda çykyş edýän oýunçysy — argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň adyny dakar. Gürrüň sport desgasynyň gündogar tarapyndaky tribunasy......

28.03.2026 15:42
8.7k+

Kriştianu Ronaldularyň kiçisi «Real Madridiň» ýaşlar toparynda türgenleşik geçýär

Meşhur portugal futbolçysynyň ogly – kiçi Kriştianu Ronaldu Madridiň «Real» klubynyň akademiýasy bilen tälim beriş işlerini geçirdi we geljekde onuň klubyň hataryna geçmegi mümkin. Bu barada The Athletic......

28.03.2026 09:38
3.2k+

FIFA ilkinji gezek DÇ-niň stadionynda hemaýatkäriň logotipini saklamaga rugsat berdi

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty wagtynda Atlantadaky stadionda Mercedes kompaniýasynyň logotipini aýyrmazlyga rugsat berdi. Bu barada «The Athletic» neşiri habar berýär....