Mahaçew Porýe bilen söweşde ýeňiş gazanyp, UFC-de Habibiň rekordyny täzeledi

  • 02.06.2024 15:44
  • 33k+

Russiýaly söweşiji Islam Mahaçew Nýuarkda (Nýu-Jersi ştaty) geçirilen UFC 302 ýaryşynda amerikaly Dastin Porýeni ýeňip, ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny üstünlikli gorady. 32 ýaşly russiýaly bäşinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňip, ýeňişli tapgyryny 14 söweşe çenli uzaltdy.

Şeýlelik bilen, Mahaçew ýeňil agramda karýerasyny yzygider 13 ýeňiş bilen tamamlan Habib Nurmagomedowyň rekordyny täzeledi. UFC-niň taryhynda iň uzak ýeňişli tapgyr braziliýaly Anderson Silwa (16) degişlidir, ikinji orunda nigeriýaly Kamaru Usman (15) ýerleşýär.
Mundan başga-da, Mahaçew dördünji titul söweşinde ýeňiş gazanyp, UFC-niň ýeňil diwizionynda Nurmagomedowyň, Benson Hendersonyň we Bi Jeý Penniň üstünliklerini gaýtalady.
Islam 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňip, guşagyň eýesi boldy. Şol söweşden soň awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski bilen geçirilen söweşlerde guşagyny iki gezek gorady.
Mahaçewiň hasabynda garyşyk başa-baş söweşlerde bir ýeňliş bilen 26 ýeňiş bar. 35 ýaşly Porýeniň hasabynda 30 ýeňiş, dokuz ýeňliş bar, bir söweş hem geçirilmedik diýlip yglan edildi. Ol ýeňil agramda çempion guşagy ugrundaky göreşde üçünji ýeňlişine sezewar boldy.


düýn 23:43
6.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......