Pyrtykala derek mandarin şiresi: öndürijiler ýetmezçilik sebäpli reseptleri üýtgedýärler

  • 31.05.2024 15:57
  • 8.6k+

Pyrtykalyň ýetmezçiligi sebäpli miwe şiresini öndürijiler mandarinlere geçmegi meýilleşdirýärler diýip, Financial Times habar berýär.

Ýaramaz howa şertleri we pyrtykallaryň iň köp eksportçysy bolan Braziliýada hasylyň bir böleginiň ýitmegi, konsentrirlenen pyrtykal şiresiniň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende baha iki esse köpeldi.
Halkara miwe we gök önüm şireleri birleşiginiň prezidenti Kis Kuls, pudagyň hakyky çökgünlige duçar bolandygyny aýtdy. Taýýar önümleriň bahasynyň ýokarlanmagyny we pyrtykal şiresiniň önümçiliginde düýpli üýtgeşmeleri çaklady.
Bu nukdaýnazardan öndürijiler alternatiw wariantlary gözlemäge mejbur bolýarlar. Çözgütleriň biri hökmünde, howanyň üýtgemegine has çydamly mandarinlerden şire öndürmek bolup biler.
Hünärmenler mandarin şiresiniň tagamynyň pyrtykal şiresinden tapawutly boljakdygyny belläp geçýärler, ýöne dogry resept we marketing bilen önüm sarp edijisini tapyp biler.


01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....

31.03.2026 14:51
3.6k+

Braziliýada 1,5 müňden gowrak seýrek görnüşli pyşbaga Riu-Negru derýasyna goýberildi

Braziliýanyň Riu-Negru derýasyna tebigaty gorap saklamak maksatnamasynyň çäginde 1500-den gowrak amazonka pyşbagasynyň (Podocnemis expansa) çagalary goýberildi....

15.09.2025 12:54
8.7k+

Braziliýada ýaguar uly pişikleriň arasynda ýüzmek boýunça rekord goýdy

Uly ýaşly erkek ýaguar Braziliýanyň merkezindäki Serra-da-Mesa suw howdanynda ýüzmek boýunça rekord goýdy. Ol ada ýetmek üçin 1,3 km aralygy ýüzüp geçdi. Rekord kamera-duzaklary tarapyndan tassyklandy diýip, New Scientist habar berýär...

07.05.2025 13:42
11k+

Braziliýada «Colgate» diş pastasynyň satuwy ýene gadagan edildi

Braziliýanyň Milli saglygy goraýyş gözegçilik edarasy ýurtda «Colgate Total Clean Mint» diş pastasynyň satuwyny täzeden gadagan etdi. 2025-nji ýylyň başynda Braziliýadaky ulanyjylar sosial torlarda bu diş pastasy bilen baglanyşykly köpsanly nägilelikleri bildirip başladylar...