Ledi Gaga Rio-de-Žaneýronyň Kopakabana kenarynda mugt konsert berer

  • 24.02.2025 14:27
  • 7.2k+

Ledi Gaga Rio-de-Žaneýrodaky Kopakabana kenarynda mugt konsert gurnar. Bu barada aýdymçy sosial ulgamlarda habar berip, Braziliýada çykyş etmek çakylygyny “uly hormat” diýip atlandyrdy. Konsert 3-nji maýda geçiriler.

Gaga köp ýyl bäri Rioda aýdym aýtmagy arzuw edendigini, ýöne öň saglyk ýagdaýy sebäpli çykyş edip bilmändigini ýatlap geçdi.

“Men çykyş edesim gelip, janym çykyp barýardy, haçan-da hassahana ýerleşmegim sebäpli şüweleňi ýatyrmaly bolanymda, diýseň gynandym. Siziň düşünmegiňiz meniň üçin köp zady aňladýardy” – diýip, ol ýazdy.

Aýdymçy häzir özüni gowy duýýandygyny aýdyp, konsertiň ýatdan çykmajak bolmagyna wada berdi.

“Men bu şüweleňiň siziň hiç haçan ýatdan çykarmajak konsertiňize öwrülmegi üçin yhlasly işleýärin” – diýip, Ledi Gaga belledi.

2017-nji ýylda Ledi Gaga myşsalarda we bogunlarda güýçli agyrynyň döremegine getirýän hroniki kesel fibromialgiýanyň güýçlenmegi sebäpli Joanne World Tour konsert syýahatyny bes etmäge mejbur boldy. Şonda ol Rioda Rock in Rio festiwalyndaky çykyşyny ýatyrdy, bu hem onuň üçin gynandyryjy waka boldy. Häzirki konsert onuň gaýdyp gelmegini alamatlandyryp, braziliýaly muşdaklar üçin özboluşly bir sowgat bolar.


01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....

31.03.2026 14:51
3.6k+

Braziliýada 1,5 müňden gowrak seýrek görnüşli pyşbaga Riu-Negru derýasyna goýberildi

Braziliýanyň Riu-Negru derýasyna tebigaty gorap saklamak maksatnamasynyň çäginde 1500-den gowrak amazonka pyşbagasynyň (Podocnemis expansa) çagalary goýberildi....

15.09.2025 12:54
8.7k+

Braziliýada ýaguar uly pişikleriň arasynda ýüzmek boýunça rekord goýdy

Uly ýaşly erkek ýaguar Braziliýanyň merkezindäki Serra-da-Mesa suw howdanynda ýüzmek boýunça rekord goýdy. Ol ada ýetmek üçin 1,3 km aralygy ýüzüp geçdi. Rekord kamera-duzaklary tarapyndan tassyklandy diýip, New Scientist habar berýär...

07.05.2025 13:42
11k+

Braziliýada «Colgate» diş pastasynyň satuwy ýene gadagan edildi

Braziliýanyň Milli saglygy goraýyş gözegçilik edarasy ýurtda «Colgate Total Clean Mint» diş pastasynyň satuwyny täzeden gadagan etdi. 2025-nji ýylyň başynda Braziliýadaky ulanyjylar sosial torlarda bu diş pastasy bilen baglanyşykly köpsanly nägilelikleri bildirip başladylar...