Millionerler Perti saýlaýarlar: Awstraliýadaky bu şäher baýlary nädip özüne çekýär?

  • 31.05.2024 14:05
  • 14k+

Hindi ummanyndaky kaşaň jaýlary, saýlama mekdepleri we ýaht-klublary bilen tanalýan Awstraliýanyň Pert şäheri, soňky döwürde bu ýerde maşgala ofislerini açmak isleýän millionerleri özüne çekýär.

Däp bolşy ýaly, aşa ýokary girdejili müşderilere hyzmat edýän maşgala ofisleriniň merkezleri Dubaý, London, Nýu-Ýork we Singapur ýaly megapolisler hasaplanýardy. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda kiçi we has uzak şäherleriň meşhurlygy artdy we Pert dünýäniň izolirlenen esasy şäherleriniň biri hökmünde tanalýar.
Bloomberg-iň habaryna görä, Pertde eýýäm 64 sany sentimillioner, ýagny 100 million dollar ýa-da ondanam köp baýlygy bolan adamlar ýaşaýar, bu bolsa ony dünýäniň iň baý şäherleri bilen bir hatarda goýýar.
Pertiň özüne çekijiligi, megapolislerden uzaklygy, amatly howa şertleri we ösen infrastrukturasy bilen baglanyşyklydyr.
Mundan başga-da, şäherde baý adamlaryň köpelmegine, ol ýerde dag-magdan senagatynyň ösüşiniň başlanmagy sebäp boldy. Bu faktor maşgala ofisleriniň sanynyň mundan beýläk-de köpelmegine we täze maýa goýum mümkinçilikleriniň döremegine goşant goşýar.
Hünärmenler, Pert ýaly şäherlerde maşgala ofisleriniň ýerleşiş tendensiýasynyň ýakyn ýyllarda artjakdygyny çaklaýarlar.


düýn 08:33
2.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.6k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.3k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....