Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna «Dialog+» kysymly iki sany gemodializ enjamy sowgat berildi

  • 31.05.2024 12:01
  • 8.3k+

Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň ikisi sowgat berildi.

Täze gelip gowşan enjamlar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynda öndürildi. Meşhur german kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamlary dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu enjamlar dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär.
"Türkmenistan" gazetinde bellenilip geçilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna welaýatyň çagalarynyň 50-ä golaýynda dürli kesel kesgitlemeleri bilen çylşyrymly operasiýalar üstünlikli geçirildi. Şeýle hem çagalaryň birnäçesi lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Eýýäm birnäçe ýyldan bäri welaýatda hut şu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan «Tiz kömek» ulaglary çagalaryň saglygyny goramak ýaly sogaply işe hyzmat edýärler. Welaýat köpugurly hassahanasynda ornaşdyrylan täze enjam bu sahawatly işleriň dowamydyr. Indi bu saglyk merkezinde şeýle maksatly döwrebap enjamlaryň sany 19-a ýetdi. Ýeri gelende aýtsak, Kerki we Dänew etrap hassahanalarynda hem gemodializ enjamlarynyň 8-si bar.


düýn 12:32
4.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......