Arkadag şäherinde halyçylyk kärhanasyny gurmak meýilleşdirilýär

  • 31.05.2024 10:30
  • 4.8k+

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gurbanguly Berdimuhamedowa şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda täze şäherde halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu teklibiň oňyn başlangyçdygyny aýdyp, ony Türkmenistanyň Prezidentine ýetirjekdigini we onuň makullan halatynda, bu ýerde haly kärhanasynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti boljak haly kärhanasynda eli çeper zenanlaryň zähmetinden türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokaljakdygyna ynam bildirildi.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gurbanguly Berdimuhamedow geçen asyryň 20-nji ýyllarynda döredilen Gökdepe çeper haly fabriginiň soň ýurdumyz boýunça öňdebaryjy kärhanalaryň birine öwrülendigini, onda ussat halyçylaryň zähmetinden ajaýyp halylaryň dokalandygyny aýtdy. Bu ýerde köp sanly halyçylar, öýdeçi halyçylar zähmet çekip, gadymdan galan nusgalara täzeçe öwüşgin berdiler we milli haly sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşdular. Gökdepe çeper haly kärhanasynyň ussat halyçylarynyň dokan halylarynyň döwlet derejesinde geçirilen sergilere gatnaşdyrylandygyny, olaryň halylarynyň baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny, bu kärhananyň halyçylarynyň al nagyş gölli, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň şekili ýerleşdirilen, taryhda yz goýan şahsyýetleriň keşpleri ýerleşdirilen we türkmen tebigatynyň ajaýyplygy şekillendirilen halylaryny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Çeper halylaryň birnäçesiniň daşary ýurtlara eksport edilendigini, 2002-nji ýylda bolsa ÝUNESKO tarapyndan Türkmenistanda geçirilen haly bäsleşiginde al nagyş gölli halynyň baýrakly orna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, türkmen halylary, olary dokamak sungaty asyrlar aşyp gelýän edep-terbiýe mekdebidir. Şunuň bilen baglylykda, orta mekdeplerde ýaş okuwçy gyzlaryň arasynda el hünäri boýunça ýörite sapaklaryň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......