Toni Fergýusonyň indiki söweşi resmi taýdan yglan edildi

  • 31.05.2024 10:36
  • 12k+

Ýeňil diwizionda UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony Toni Fergýuson indiki söweşini amerikaly Maýkl Kýeza garşy geçirer. Söweş 3-nji awgustda Abu-Dabidäki (BAE) UFC Fight Night ýaryşynda bolar. Bu barada Dana Uaýt öz sosial ulgamlarynda habar berdi.

Ýatlap geçsek, Toni Fergýuson 2023-nji ýylyň dekabr aýynda UFC 296 ýaryşynda geçirilen soňky söweşinde angliýaly Peddi Pimblett bilen duşuşypdy. Söweş emin agzalarynyň biragyzdan karary netijesinde Pimblettiň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Fergýuson üçin bu ýeňliş yzygider ýedinji ýeňliş boldy. Toniniň hasabynda 26 ýeňiş we 10 ýeňliş bar.
Öz gezeginde, Maýkl Kýeza soňky söweşinde UFC 291 ýaryşynda Kewin Holland bilen duşuşdy. Söweş 2023-nji ýylyň iýul aýynda bolup, Kewiniň birinji raundda demikdiriji usul arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.


düýn 23:43
4.4k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......