Gazagystanyň medeniýet ministri Pyragy adyndaky halkara edebiýat baýragyny döretmegi teklip etdi

  • 30.05.2024 20:18
  • 8.3k+

Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa Magtymguly Pyragy adyndaky halkara edebiýat baýragyny döretmegi teklip etdi diýip, Bigasia habar berýär.

Degişli teklip 20 ýurduň medeniýet ministrleriniň gatnaşmagynda akyldar şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatynda beýan edildi.
Aida Balaýewa şeýle hem Astanada Magtymguly Pyragynyň heýkelini oturtmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Bu ýadygärlik gazak halkynyň bu şahyra we tutuş türkmen halkyna hormatynyň we dostlukly gatnaşyklarynyň nyşany bolar diýlip neşirde bellenilýär.
Ýatlatsak, 2024-nji ýyl Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edildi. Şahyryň ýubileýi şeýle hem ÝUNESKO bilen bilelikde 2024-2025-nji ýyllarda bellenilip geçiljek seneleriň sanawyna girizildi.


düýn 10:07
2.6k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.3k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 11:47
8.7k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

06.06.2026 10:03
15k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......