BSGG ählumumy howplara garşy göreşmek üçin 11,1 milliard dollarlyk strategiýany kabul etdi

  • 29.05.2024 23:10
  • 5k+

Ženewada geçirilen 77-nji Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasyna gatnaşyjylar 11,1 milliard dollarlyk býujetli 2025-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň strategiýasyny tassykladylar. Strategiýa “howanyň üýtgemegine, garramaklyga, migrasiýa, pandemiýa howplaryna we deňlige has-da üns bermek bilen”, ähli adamlaryň saglygyny we abadançylygyny  goramaklyga gönükdirilendir – diýip, TASS habar berýär.

BSGG-niň baş edarasy bu strategiýanyň “çalt üýtgeýän geosyýasata, ylma we tehnologiýa” uýgunlaşdyrylandygyny aýtdy. Ol alty sany strategiki maksady öz içine alýar:

  • · Howanyň üýtgemeginiň barha artýan howpuna jogap bermek;
  • · Ähli ugurlaryň syýasatynda saglygyň ýaramazlaşmagynyň düýp sebäplerini nazara almak;
  • · Deslapky medisina-arassaçylyk kömegini ösdürmek;
  • · Ilatyň lukmançylyk hyzmatlary bilen gurşalyş derejesini ýokarlandyrmak;
  • · Saglyk üçin töwekgelçilikleriň öňüni almak we azaltmak;
  • · Saglyk goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýlara çalt jogap bermek.

Şeýle hem BSGG-niň çäklerinde inçekeseli we poliomiýeliti ýok etmek strategiýasyna, ünsden düşen tropiki kesellere garşy göreşiň ýol kartasyna, howanyň üýtgeýän şertlerinde saglygy goramak boýunça çärelere we beýleki möhüm meselelere serediler. Pandemiýanyň öňüni almak baradaky 2021-nji ýyldan bäri işlenip düzülýän şertnama aýratyn üns berler.
BSGG-niň 27-nji maýdan 1-nji iýuna çenli dowam edýän esasy ýyllyk forumyna guramanyň 194 agza döwletinden wekiller çagyryldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Assambleýanyň 77-nji mejlisine gatnaşmagy baradaky meselä owal Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew bilen BSGG-niň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesusyň arasynda geçirilen gepleşiklerde ylalaşylypdy.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....