Türkmenistanyň Ženewadaky hemişelik wekili BSGG-niň baş sekretary bilen duşuşdy

  • 16.05.2024 13:53
  • 6.1k+

13-nji maýda BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş sekretary Tedros Adhanom Gebreýesus bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini we geljegini maslahatlaşdylar. Şu ugurlara aýratyn üns berildi:

  • Jemgyýetçilik saglygy we öňüni alyş ulgamyny gurnamak;
  • Arassaçylyk gözükdirmesi;
  • Sagdyn durmuş ýörelgelerini we sorty wagyz etmek;
  •  Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we irki döwürde ýüze çykarmak;
  • Ilat arasynda maglumatlary ýaýratmak işini geçirmek.

Şeýle hem taraplar 27-nji maýdan 1-nji iýun aralygynda türkmen wekiliýetiniň Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 77-nji mejlisine gatnaşmak meselesine degip geçdiler.
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň dekabrynda ýokary derejedäki forum ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar foruma BSGG-niň baş sekretarynyň gatnaşmak mümkinçiligine garadylar.


şu gün 19:20
1.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......