“Anora” dramasy Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” aldy

  • 29.05.2024 14:10
  • 3.4k+

Amerikaly režissýor Şon Beýkeriň “Anora” filmi 2023-nji ýylyň Kann kinofestiwalynyň ýeňijisi boldy. “Altyn palma şahasy” ugrundaky göreşde bu film Frensis Ford Koppola, Dewid Kronenberg we Paolo Sorrentino ýaly kinematografçylaryň filmlerinden üstün çykdy diýip, Euronews ýazýar.

Festiwaldaky tomaşaçylar filme 10 minutlap el çarpyşdylar.
Iň gowy režissýor “Uly syýahat” («Большое путешествие») dramasy üçin portugaliýaly kinematografçy Migel Gomiş boldy, Gran-pri-ni bolsa Paýal Kapadianyň “Ýagtylyk hökmünde göz öňüne getirýän zatlarymyzyň ählisi” («Все, что мы представляем как свет») hindi filmi aldy.
Iň gowy sahna goýluş üçin eminleriň ýörite baýragyny “Mukaddes injiriň tohumy” («Семя священного инжира») üçin eýranly režissýor Mohammad Rasulof aldy.
Iň gowy zenan keşbi üçin baýrak “Emiliýa Peres” filminiň aktýorlar düzümine berildi – baýragy Selena Gomes, Zoi Saldana, Adriana Pas we Karla Sofiýa Gaskon aldy. Filmiň režissýory Žak Odiar hem eminleriň baýragy bilen sylaglandy.
Iň gowy aktýor “Ýagşylygyň görnüşleri” («Виды доброты») dramasyndaky keşbi üçin Jessi Plemons boldy.
Iň gowy zenan ssenariýaçy diýlip “Madda” («Вещество») bodi-horrory üçin Korali Farža ykrar edildi.


şu gün 14:57
590

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

şu gün 08:26
4k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
969

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......