Boksçy Saparmyrat Ödäýew Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin göreşini dowam edýär

  • 29.05.2024 13:56
  • 10k+

Balkanabatdan 23 ýaşly türkmen boksçysy Saparmyrat Ödäýew Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşynda Gonkongdan gelen Li Kon Çinden üstün çykdy. 63,5 kg çenli agram derejesindäki duşuşykda türkmen türgeni eminleriň biragyztan karary bilen ýeňiş gazandy.

1/16 final tapgyrynda Ödäýew Aziýanyň çempiony, mongoliýaly boksçy Sentraatar Erdenebat bilen duşuşar.
Balkanabatda N3 sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän S.Ödäýew şu ýylyň mart aýynda Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyryna eýýäm gatnaşyp gördi. Şonda oňa Olimpiýa oýunlaryna ýollanma almak üçin sähelçe ýetmedi.
Saparmyratdan başga-da, Bangkokda Olimpiýa ýollanmasy ugrunda ýene bir türkmen türgeni göreş alyp barýar. Öň habar berşimiz ýaly, Şükür Öwezow 57 kg çenli agram derejesinde ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy.
Belläp geçsek, türkmenistanly boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow ýaryşda ilkinji tutluşygynda ýeňlip, ondan gaýtdy.
Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşy türgenlere Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna ýollanma almak üçin iň soňky mümkinçilikdir.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......