Hiňlenmek ýeterlik: YouTube Music-de aýdymy hiňlenip tapyp bolýar

  • 29.05.2024 12:20
  • 3.1k+

YouTube Music aýdym hyzmatyna täze funksiýa goşuldy: indi ulanyjylar islän aýdymlaryny çala hiňlenip ýa-da sazyny çalyp tapyp bilerler diýip, 9to5Google habar berýär.

Täze funksiýa 7.02 wersiýadaky Androidler üçin ykjam goşundyda elýeterlidir. Ol aýdymyň hatda adyny bilmedik wagtyňyz hem tanamaga ýardam edýär. Munuň üçin ykjam goşundynyň sag ýokarky burçunda gözleg belgijigine basmaly, tolkun görnüşli şekiljigi saýlamaly we hiňlenip ýa-da sazyny çalmaly.
Emeli aň algoritmlerini ulanyp, YouTube Music baý aýdym gory bilen deňeşdirer we has gabat gelýänlerini görkezer. Ulanyjy şolbada aýdymy diňläp ýa-da kitaphanasyna ýükläp alyp biler.

Funksiýa Android ulgamly smartfonlarda eýýäm elýeterli, ýakynda ol iOS enjamlarynda hem peýda b0lar.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......