Starlink indi adaty smartfonlarda işleýär: SpaceX wideo jaňy görkezdi

  • 28.05.2024 14:51
  • 9.5k+

SpaceX Starlink hemra ulgamyna täze aýratynlyklary goşup, ony ösdürmegini dowam etdirýär. Şu hepde kompaniýa adaty smartfonlarda, hiç hili modifikasiýasyz, Starlink -iň kömegi bilen edilen wideo jaňy görkezdi. Wideony X-da görüp bolar.

Görkeziliş SpaceX-iň Waşington ştatynyň Redmond şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirildi. Wideo jaň biri-biriniň gapdalynda duran iki işgäriň arasynda edildi.
SpaceX-iň hemralary taslamalaşdyrmak boýunça uly müdiri Ben Longmaýeriň sözlerine görä, bu kompaniýa orbitadaky öýjükli aragatnaşyk goldawly (Direct to Cell) hemralarynyň sanyny 6-dan 38-e çenli artdyrdy. Bu baglanyşygyň tizligini 17 Mbit / s-a çenli artdyrdy we wideo jaňlaryny etmek mümkin boldy.
SpaceX T-Mobile bilen hyzmatdaşlykda şu ýylyň ahyryna çenli ABŞ-da Starlink täjirçilik öýjükli emeli hemra hyzmatyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Hyzmat T-Mobile-iň abonentlerine habar ibermäge, jaň etmäge we öýjükli aragatnaşygyň ýok ýerlerinde internete birikmäge mümkinçilik berer.
Emma SpaceX-iň tehnologiýasyny täjirçilik maksatly ulanmak üçin ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyndan (FCC) rugsat almaly. Wideo jaňynyň görkezilmegi düzgünleşdiriji guramalar bilen gepleşiklerde SpaceX-iň peýdasyna delil bolup biler.


23.05.2026 15:01
3.6k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......