Planşetden noutbuga öwrülmek üçin bir ädim: Lenovo ulaldylýan displeýli planşet taýýarlaýar

  • 28.05.2024 13:57
  • 3.7k+

Lenovo kompaniýasy geljek ýyl özboluşly çekilip ulaldylýan displeýi bolan planşeti çykarmagy meýilleşdirýär. Gurluşyň Samsung-dan 17 dýuýma çenli giňeldilip bilinjek 13 dýuým ekran bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar diýip, Sammobile habar berýär.

Bu innowasion displeý tehnologiýasy ilkinji gezek 2022-nji ýylda Samsung tarapyndan hödürlendi.
Lenovo planşeti, hakykatda, planşet we noutbuk funksiýasyny özünde jemleýän gibrid gurluş bolar. Ykjam ýagdaýda ol planşet hökmünde ulanmak üçin amatly bolan 13 dýuým ekrana eýe bolar. Zerur bolan ýagdaýynda ekrany 17 dýuýma çenli ulaldyp, noutbuk ýaly ulanmak mümkinçiligi bar.
Ýöne displeýiň takyk ölçegi bilen bagly käbir bulaşyklyk hem bar. Ross Young insaýderi ekranyň 18,1 dýuým boljakdygyny nygtaýar.
Lenovo-dan resmi maglumat heniz ýok. Ähtimal, kompaniýa ekranyň gutarnykly ölçegini tassyklamadyk bolmaly.


22.03.2026 04:00
2.5k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.1k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...