Redmi Note 14 Pro barada ilkinji maglumatlar peýda boldy

  • 28.05.2024 11:43
  • 12k+

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda çykarylan Redmi Note 13 Pro-dan soň, Redmi Note 14 Pro smartfony barada ilkinji maglumatlar peýda boldy diýip, gagadget.com ýazýar.

Weibo portalyndaky Digital Chat Station insaýderiniň maglumatyna görä, Redmi Note 14 seriýasy kamerasynyň mümkinçiliklerine we ajaýyp dizaýnyna ünsi çekip biler. Hatardaky smartfonlaryň birinde ýokary täzeleniş tizligi bilen 1.5K AMOLED ekrany bolar diýlip çak edilýär. Prosessor hökmünde Snapdragon 7s Gen 3 diýlip hem atlandyrylýan Qualcomm SM7635 ulanylar.
Insaýder enjamyň adyny aýtmady, ýöne aýratynlyklary boýunça Snapdragon 7s Gen 2 esasynda Redmi Note 13 Pro-dan soň, adynyň Redmi Note 14 Pro bolmagy ähtimal.
Maglumatda 5000 mAs ýa-da ondanam köp kuwwatlylygy bolan uzak möhletli batareýa hem agzalýar.
Redmi Note 14 Pro-nyň çykarylmagynyň resmi senesi entek belli däl. Smartfonyň 2024-nji ýylyň güýzünde Hytaý bazarynda we 2025-nji ýylyň başynda dünýä bazarynda peýda bolmagyna garaşylýar.


düýn 01:33
3.3k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...