Lekler Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Werstappen möwsümde üçünji ýeňlişine sezewar boldy

  • 27.05.2024 16:32
  • 3.8k+

“Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler özi üçin öýünde bolan Monakonyň Gran-prisinde ilkinji ýeňşini gazandy. Ol Oskar Piastriden (“Maklaren”) we topardaşy Karlos Saýnsdan öňe geçdi.

Häzirki dünýä çempiony Maks Werstappen (“Red Bull”) pellehana altynjy bolup gelip, sekiz ýaryşda üçünji ýeňlişine sezewar boldy.
Ýaryş bulam-bujarlyk bilen başlandy. Birinji aýlawda Serhio Peresiň (“Red Bull”), Kewin Magnusseniň (“Haas”) we Niko Hýulkenbergiň (“Haas”) gatnaşmagynda bolan heläkçilik gyzyl baýdagyň galdyrylmagyna sebäp boldy. Ýaryşdan soň stýuardlar bu wakany ýaryş hadysasy diýip kabul etdiler.
Lekler ýaryşyň başyndan öňdebaryjylygy saklap, bäsdeşlerine yzyndan ýetmäge ýol bermedi. Netijede, ol ynamly ýeňiş gazandy. Ol ýeňişden soň ýaryşyň ahyrynda gözýaşlary sebäpli ýoly kynçylyk bilen görendigini aýtdy.

“Meniň üçin bu köp zady aňladýar. Bu meniň çagalykdan utmak islän ýaryşym” diýip, “Red Bulluň” sürüjisi belledi.

Şeýlelikde, Piastri ikinji orny eýeledi, Saýns bolsa üçlügi jemledi. Werstappen Lando Norrisden (“Maklaren”) we Jorj Rasselden yza galyp, altynjy boldy.
“Formula-1-iň” indiki tapgyry – Kanadanyň Gran-prisi 7 – 9-njy iýunda Monrealda geçiriler.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....