iMac-yň “atasy” Apple önümleriniň adyndaky “i”-den ýüz öwürmegi teklip etdi

  • 27.05.2024 16:04
  • 4.2k+

Kompýuterleriň iMac liniýasynyň adyny döreden marketolog Ken Sigall indi Apple önümleriniň adynda “i” prefiksini ulanmagy bes etmäge çagyrýar diýip, Wired ýazýar.

1998-nji ýylda iMac döredilende, TBWA\Chiat\Day mahabat agentliginde kopiraýter bolup işlän Sigall, "i" prefiksi köneldi we häzirki zaman dünýäsinde Apple-iň düýp manysyny we gymmatlyklaryny görkezmeýär diýip hasaplaýar.
iMac-yň internete aňsat girmäge mümkinçilik berýän rewolýusion önüm bolan wagty, onuň adyndaky “i” dogry hasaplanýardy. Indi internet hemme ýere ýaýransoň we Apple enjamlarynyň diňe beýle hyzmaty ýerine ýetirmegi talap edilmeýärkä, “i” aktuallygyny ýitirýär.
Sigall iPhone-y hem, ilki başda internet elýeterliligine gönükdirilen telefon hökmünde mysal getirýär.
Ken Sigal: “Biz “i-den" dynmaly, bu indi manysyz. Elbetde, Jobs “i” arkaly Apple-i  gurdy, ýöne onuň elmydama subbrend bolandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Apple prefiksden dynsa aklyny ýitirjekdigini aýtjak marketologlar tapylar – ol, henizem käbir beýik markalaryň öňünde dur, ýöne ony gorap bolmaýar we uzak wagtlap, internete birikdirilen “i” prefiksli kompaniýalar hem bolupdy, bu bolsa öz innowasiýalary bilen tanalýan Apple üçin meseledir”.


16.05.2026 11:20
3.6k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...