Hosep Gwardiola bäşinji gezek APL-iň iň gowy tälimçisi boldy

  • 27.05.2024 15:37
  • 4.5k+

"Mançester Sitiniň" baş tälimçisi Hosep Gwardiola Angliýanyň Premýer-ligasynyň 2023/24 möwsüminiň jemleri boýunça "Iň gowy tälimçi" baýragyny aldy. Ispaniýaly hünärmen bu abraýly baýraga karýerasynda bäşinji gezek mynasyp boldy diýip, "Çempionat" portaly habar berýär.

Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda "Siti" "Arsenaldan" iki utuk öňe geçip, nobatdaky gezek Angliýanyň çempiony boldy. Bu "Mançester Sitiniň" soňky ýedi möwsümde altynjy çempionlyk titulydyr.
Belläp geçsek, "Mançester Siti" şeýle hem Premýer-liganyň taryhynda çempionlyk titulyny yzly-yzyna dördünji gezek gazanmagy başaran ilkinji klubdur.
25-nji maýda "Mançester Siti" Angliýanyň Kubogynyň finalynda "Mançester Ýunaýtedden" utuldy (1:0).


düýn 23:41
1k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......