Timoti Şalameniň heýkeli hanym Týusso muzeýiniň kolleksiýasyna goşular

  • 26.05.2024 23:21
  • 4.4k+

Golliwudly ýaş aktýor Timoti Şalameniň mumdan heýkeli hanym Týusso muzeýiniň kolleksiýasynyň üstüni ýetirer. Heýkel 22-nji maýda hödürlendi.

Şalameniň mumdan ýasalan heýkeline 2021-nji ýylyň “Dýuna” filminiň Londondaky premýerasyndan Alexander McQueen-iň kostýumy geýdirilen. Bu moda öýüniň aýakgaby obrazyň üstüni ýetirýär – egin-eşigi aktýoryň özi üpjün etdi.
Heýkeliň döredilmegine dokuz aý sarp edildi, hudožnikler onuň çekgeleriniň we gür, buýra saçynyň jikme-jik işlenmegine aýratyn üns berdiler.

“Timoti Şalame – hereketine syn etmek ýakymly bolan örän zehinli aktýor. Ýöne ony mumda ebedileşdirmek diňe şunuň bilen baglanyşykly däl. Biz ol Z nesli üçin meşhurlygyň täze ýüzüni janlandyrýar diýip hasaplaýarys. Şalame 2024-nji ýylda Golliwudyň öňdebaryjy erkek adamynyň nähili bolmalydygy baradaky stereotiplere çagyryş edýär” – diýip, Londonda hanym Týusso studiýasynyň ýolbaşçysy Jo Kinsi aýtdy.


şu gün 11:31
366

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....